Gonkongda neýrohirurglara ýardam etjek emeli aň modeli oýlap tapyldy

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Gonkong emeli aň we robot tehnikasy merkezi neýrohirurglara kömek etmek üçin emeli aň (EA) guralyny hödürledi. Bu barada «South China Morning Post» gazetiniň habaryna salgylanýan «ТАСС» maglumat berýär.  

 

«CARES Copilot 1.0» emeli aň modeli beýniniň çylşyrymly operasiýalarynyň amala aşyrylýan wagtynda lukmanlara kömek etmek üçin esaslandyryldy. Bu gural neýrohirurglara «has netijeli kliniki seljermeleri geçirmäge we ýeterlik maglumat materiallaryna esaslanyp, lukmançylyk kararlaryny kabul etmäge» kömek eder. Oýlap tapyjylar guraly «müňlerçe lukmançylyk okuw kitaplaryndan, ylmy makalalardan we halkara neýrohirurgiýa görkezmelerinden» täsirlenmek bilen döretdiler.

 

«Kliniki karar bermek işi KT hem-de MPT barlaglary, hassalaryň fiziologiki synaglarynyň netijeleri ýaly maglumatlaryň birnäçesine esaslanýar. Şonuň üçin hem, biz lukmanlaryň we kliniki işgärleriň maglumat çeşmeleriniň birnäçesiniň netijelerini jemlemek bilen has anyk kararlary bermeklerini isleýäris» — diýip, merkeziň ýolbaşçysy Lýu Hunbin belleýär.

 

Habarlar «CARES Copilot 1.0» tehnologiýasynyň Gonkongda we Hytaýda saýlanan lukmançylyk edaralarynda eýýäm synagdan geçirilendigini hem-de bu modeliň «hirurgiki meýilnamalary taýýarlamak we operasiýadan soňky dolandyryş» boýunça kömek etmek üçin kliniki hünärmenleriň işine ornaşdyrylandygyny tassyklaýar.

 

Oýlap tapyjylar guralyň takyklygynyň 95 %-e barabardygyny nygtaýarlar.

Maglumat çeşmesi: salamnews.tm