Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň ulag ulgamynyň ýolbaşçylary Awazada duşuşdylar
2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň ulag ulgamynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeläp, döwrebap ulag düzümini kemala getirmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde bu ugurda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.
Ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil hem-de demir ýollar arkaly gatnatmagyň häzirki zaman düzümlerini döretmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar biziň ýurtlarymyzyň ulag ulgamynda ägirt uly kuwwata eýedigini we şol mümkinçiligi durnukly ykdysady ösüşi saklamak, üç halkyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak we halkara söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, has doly derejede ulanmak arkaly özara habar berip durmuşa geçirmegi maksat edinýändiklerini bellediler.
Ulag-aragatnaşyk ulgamyny, döwrüň talap edýän täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň goldanylýandygyny beýan edip, azerbaýjan we türk hyzmatdaşlary deňhukuklylyk hem-de uzak möhletleýinlik esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirdiler.
Üç ýurduň degişli guramalarynyň demir ýol arkaly gatnawlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleri kabul etmäge hem-de bäsdeşlige ukyply nyrhlaryň çeýe ulgamyny döretmek boýunça ylalaşygyň taslamasyny we demir ýol ulagy arkaly gatnawlar amala aşyrylanda şertleri işläp taýýarlamaga degişli meseleler giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem awtomobil ulaglary arkaly gatnawlar üçin amatly şertleri döretmek we sazlaşdyrmak, hususan-da, wizalary bermegiň gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky meselelere garaldy.
Demir ýol, awtomobil we deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamalaryny ösdürmek maksady bilen, zerur amallary amala aşyrmagyň hem-de has oňaýly nyrhlary kesgitlemegiň ýeke-täk düzgünlerini işläp taýýarlamak boýunça üç ýurduň degişli düzümleriniň hyzmatdaşlyk etmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar geçirilen gepleşikleriň netijelerini jemläp, hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlary boýunça diýen ýaly uly taýýarlyk işleriniň geçirilendigini nygtadylar. Ulag ulgamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegini gazanmak maksady bilen, bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin döwletleriň öz içerki amallaryny tamamlamagynyň möhümdigi bellenildi.