NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa uçary işläp taýýarlaýar
Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär.
X-66A uçaryny döretmek üçin Boeing NASA bilen bilelikde, McDonnell Douglas MD-90 ýolagçy uçaryny üýtgetdiler, hususan-da, onuň korpusy gysgaldyldy hem-de has uzyn we inçe ganatlar bilen üpjün edildi. Truss-Braced Wing konsepsiýasy Boeing tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Hereketlendirijiler uçaryň yzky bölüminden ganatlaryň aşagyna ýerleşdirildi we gaz elektrik bilen işleýän hereketlendirijilere çalşyldy.
Uçaryň kämilleşdirilen bu görnüşi ýangyjyň sarp edilişini we şonuň bilen bagly zyňyndylary täjirçilik uçarlarynyňka garanyňda 30% azaltmaga mümkinçilik berer.
X-66 uçaryny döretmäge SFD taslamasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda girişildi.
Bu taslamanyň çäklerinde NASA Aeronautics 2050-nji ýyla çenli awiasiýada daşky gurşawa zyňyndylary aradan aýyrmak üçin senagatçylar ylmy toparlar we beýleki agentlikler bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Maglumat çeşmesi: orient.tm