Türkmenistanda «Photo offset 2024» halkara surat bäsleşigi geçiriler

Aşgabadyň «Çomuç» fotokluby «PHOTO OFFSET 2024» birinji surat bäsleşigini yglan etdi. Ony «PHOTO LIFE» (Gruziýa) fotokluby guraýar.

 

Fotosuratlar ulgamyndaky bu möhüm halkara çäre ÝUNESKO-nyň ýanyndaky fotosurat sungaty halkara federasiýasynyň (FIAP), Amerikanyň fotosurat jemgyýeti (PSA) we GPU-nyň – Ählumumy surat bileleşiginiň howandarlygynda geçirilýär. Oňa gatnaşmak isleýänler şu http://fotosalons.net/ saýtda bellige aldyrmaly.

 

Bäsleşik üçin niýetlenen fotosuratlar «Reňkli erkin fotosuratlar», «Erkin ak-gara fotosuratlar» we «Syýahatlardan fotosuratlar» (reňkli ýa-da ak-gara fotosuratlar) ýaly üç ugurdan bolmaly. Her ugurdan dört fotosurat iberip bilersiňiz. Her surat dine bir ugurdan iberilip bilner.

 

Ilkinji türkmen halkara fotosurat bäsleşigine 40 ýurtdan suratçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Şu güne çenli abraýly bäsleşige gatnaşmak üçin 17 ýurtdan bolan suratçylar öz işlerini tabşyrdylar. Oňa gatnaşýanlar FIAP-yň, PSA-nyň, «PHOTO LIFE» fotoklubunyň (Gruziýa), ORASIS klubynyň (Kipr) we Aşgabadyň «Çomuç» surat klubynyň altyn, kümüş we bürünç medallaryndan ybarat bolan 94 medal ugrunda bäsleşerler. 14-nji aprel bäsleşige teklip edilýän işleriň kabul edilýän soňky günüdir.

 

Birnäçe ýyl mundan ozal Aşgabadyň «Çomuç» fotoklubunyň agzalary Türkiýede, Hindistanda, Russiýada, BAE-de, Gruziýada, Awstriýada we Hytaýda geçirilen fotosurat salonlaryna gatnaşypdylar.

 

Işlere ussat suratçylar baha bererler. Offset 2024-iň 1-nji halkara eminler toparynyň hatarynda Türkmenistandan Wýaçeslaw Sarkisýan (EFIAP – Türkmenistan), Ýohan Debono (EFIAP – Malta), Paolo Stuppassoni (EFIAP – Italiýa) bar. Bäsleşigiň jemi 12-nji maýda yglan ediler.

 

Oňa gatnaşanlar giriş tölegini tölemeli. Türkmenistanly awtorlar üçin ýeňillikler göz öňünde tutulan. «PHOTO OFFSET 2024» birinji halkara surat bäsleşigi barada has giňişleýin maglumat almak üçin türkmenistanlylar 92-51-64 belgili telefon boýunça W.Sarkisýan bilen habarlaşyp bilerler.

Maglumat çeşmesi: salamnews.tm