Sepsiz ýol: Demirgazyk-Günorta HUG-niň gündogar ugrunda umumy töleg ýeňilligi girizilýär

Rus demirýollary holdingi (RŽD) Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýollary bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin “Demirgazyk-Günorta” geçelgesiniň gündogar ugry boýunça konteýnerleri daşamak üçin peseldilen ýeke-täk bahalary girizýärler diýip, duşenbe güni TASS RŽD-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

 

““RŽD” AGPJ-i Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň demirýollary bilen bilelikde 2023-nji ýyl üçin “Demirgazyk-Günorta” HUG-niň gündogar ugurlarynyň infrastrukturasynyň ulanylmagyna konteýner-kilometr babatda peseldilen ýeke-täk bahalaryny  girizmek boýunça çözgüt kanbul etdi” diýip, neşir holdingiň habaryny getirýär.

 

“Demirgazyk-Günorta” HUG-niň gündogar ugry – ol Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýol gatnawydyr. Gündogar şahasy boýunça 28-nji noýabrda RŽD yzygiderli konteýner otlusyny işe girizdi, ol häzirlikçe aýda bir gezek gatnar. Otly düzümi Gazagystanyň çäklerinden Türkmenistanyň Sarahs stansiýasyna çenli üstaşyr gidýär. Şol ýerde konteýnerler 1520 mm. ölçegli ýoldan 1435 mm. ölçegli ýola geçilmek üçin ýüklenilýär. Ondan aňry ýükler Eýranyň çäklerinden Bender-Abbas portuna çenli ýetirilýär, soňra bolsa ýol deňiz arkaly dowam edip,  bellenen nokatlaryna iberilýär.

 

Geljek ýyl bu ugur boýunça ýükler umumy töleg ýeňilligi boýunça daşalar.