«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaş hünärmenleri Aşgabatda geçirilýän Spartakiadada tapawutlandylar

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiadanyň çäklerinde şu gün, 15-nji martda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýaş işgärleri türkmen paýtagtyndaky «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen sport ýaryşlaryna gatnaşdylar.

Türkmenistanda aragatnaşyk pudagynyň ösüşine jogapkär ägentligiň wekilleri sportuň dürli görnüşleri boýunça beýleki ministrliklerden we dolandyryş edaralaryndan kärdeşleri bilen bäsleşdiler.

Aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri birnäçe ugurlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ajaýyp beden taýýarlygyny we ýokary sport üstünliklerini görkezdiler.

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly Spartakiada aprel aýyna çenli dowam eder we ýurduň ähli sebitlerini öz içine alar. Onuň ýeňijilerine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlar, kuboklar we medallar gowşurylar.