TDHÇB-de söwdalar: söwdalarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

Penşenbe güni, 14-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan we Owganystandan telekeçiler «Tip II» gaplama örtügini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjandan işewürler düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 13 199 266,26 manatlyk we 32 807 857,17 dollarlyk 15 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: (https://www.exchange.gov.tm/quotations).

Maglumat çeşmesi: orient.tm