Milli bahar baýramy hem-de Halkara Nowruz güni mynasybetli «Al-elwan gülli bahar geldi ilime» atly sergi geçiriler

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Milli bahar baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň 16-njy martynda «Al-elwan gülli bahar geldi ilime» atly sergi açylar.

 

Sergide türkmen şekillendiriş sungatynyň ussatlary, halypa suratkeşleriniň döreden nusgawy eserleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň we Durdymyrat Kulyýewiň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Hezret Annageldiýewiň keramiki eserleri, Jeren Çaryýewanyň we talyplaryň ýerine ýetiren gobelen eserleri sergilener. Şeýle hem, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Ogulgerek Myradowanyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren milli äheňde, ajaýyp nagyşlar bilen bezelen zergärçilik önümleri hem gurnalan sergide öz mynasyp ornuny tapar.

 

Sergide «Zeýnep milli lybaslarynyň» gatnaşmagynda görkezilen zenanlaryň milli lybaslary dürli görnüşde ýerine ýetirilip, sergä aýratyn öwüşgin berer.

 

Açylyş dabarasy 16-njy martda sagat 10:00-da başlar we birnäçe gün dowam eder.

 

Giriş tölegsiz.