Aşgabatda «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçiriler

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda wise-premýer M.Mämmedowa «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu maslahat Aşgabatda 28-nji martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.

 

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu çärä TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň işi «Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny», «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Sanly media we habarlar», «Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar» atly jemi dört bölümde geçiriler.

 

Meýilnama laýyklykda, myhmanlar üçin taryhy ýerlere gezelençleri Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaklaryny guramak, şeýle hem «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmaklary we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňüne tutulýar.

 

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Metbugat maslahatynda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden beýan etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com.tm