Aşgabadyň Halkara howa menzili tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylýar
Şu gün geçirilen Hökümetiň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlarynyň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmek, Aşgabadyň Halkara howa menzilini tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy we açylmagy netijesinde paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden üstaşyr geçýän daşary ýurtly ýolagçylaryň sany artýar. Munuň özi howa menziliniň doly güýjünde işledilmegine ýardam edýär.
Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy halkara standartlaryna laýyklykda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa menziliniň ýolagçy terminalynyň üpjünçiligini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda saklamak maksady bilen nobatdaky tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, täze halkara ýolagçy howa gatnawlarynyň ýola goýulýandygyny belledi. Munuň özi bolsa, howa menzilini doly kuwwatyna çykarmagy hem talap edýär.
Döwlet Baştutany «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeginiň zerurdygyny belläp, Agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.