20-nji martda gowaça ekişine badalga berler

Şu gün geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlaryda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

 

Bellenilişi ýaly, bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri dowam edýär, şol sanda mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwlaryny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtda öndürilýän gök we bakja önümleri bilen ilatymyzy ýeterlik möçberde üpjün etmek maksady bilen, ýazlyk ekinlerini ekmek işleri ýerine ýetirilýär.

 

Häzirki wagtda welaýatlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şol sanda gowaça tohumlary hem-de oba hojalyk tehnikalary taýýarlanyldy.

 

Wise-premýer döwlet Baştutanyna gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda welaýatlarda tejribe maslahatlary geçiriler.

 

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi yzygiderli dowam etmegiň, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de welaýatlarymyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny, şeýle hem gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.

 

Soňra döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini belledi. Bu möwsüm pagtaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedir.

 

Hormatly Prezident ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 20-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 27-nji martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, hormatly ýaşululardan gowaça ekişine «Bissimilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

 

Döwlet Baştutany ýurduň edermen pagtaçy babadaýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.