Türkmenistanyň ilçisi bilen Russiýanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň duşuşygy
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki derejesini we geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer ulgamda türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry ugurlary pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.
Taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň strategiki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde yzygiderli ösýän türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň soňky döwürde uly ösüşe eýe bolandygyny nygtadylar.
Andreý Malyşew rus tarapynyň medeni-ynsanperwer pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowanyň türkmen tarapynyň resmi çakylygyny kabul etmek bilen, 2024-nji 17-18-nji maýynda türkmen halkynyň görnükli nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabat şäherinde geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyna gatnaşjakdyny habar berdi.
Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Türkmenistandaky medeniýet günlerini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda guramaçylykly geçirmek meselesiniň üstünde durup geçip, bu uly ähmiýetli çäräniň meýilnamasyna aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen bir hatarda, kinematograflaryň, kompozitorlaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, kitaphanaçylaryň, muzeý işgärleriniň we medeniýet pudagynyň beýleki ugurlarynyň wekilleriniň çykyşlaryny hem-de duşuşyklaryny girizmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada rus tarapynyň teklibini beýan etdi.
Şeýle hem rus tarapy ýokary bilim hakyndaky diplomlary Türkmenistanda ykrar edilýän daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna Moskwanyň döwlet medeniýet institutyny hem-de Russiýanyň Döwlet akademiki Kiçi teatrynyň ýanyndaky M.S.Şepkin adyndaky Ýokary teatral uçilişasynyň (institutynyň) hem girilmegi meselesinde ýardam berilmegi baradaky haýyşy beýan etdi.
Ilçi Esen Aýdogdyýew şu ýylda türkmen halkynyň görnükli nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilýän döwlet we halkara derejeli giň gerimli çäreler barada hem-de Türkmenistanda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýändigi barada habar berdi.
Diplomat aşakdaky çärelere aýratyn üns çekdi:
a) Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumy;
b) Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, 2024-nji ýylyň 17-18-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahaty;
ç) Şu ýylyň 10-njy aprelinde Moskwa şäherinde geçiriljek “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry, filosof we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatyna goşan goşandy” atly halkara maslahat;
d) Moskwa şäherinde ýerleşýän M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň atriumynda Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy;
e) Sankt-Peterburgyň merkezi etraplarynyň birinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň oturdylmagy;
f) Ýakyn geljekde Tretýakow galereýasynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň eserleriniň sergisini guramagyň meseleleri;
i) 2024-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda açyljak Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärliginiň ýanyndaky ýadygärlikler toplumda rus ýazyjysy F.M.Dostoýewskiniň heýkeliniň oturdylmagy;
j) Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatrynyň täze binasynyň gurluşygy.
Taraplar gatnaşyklaryň häzirki derejesini kanagatlanma bilen bellediler we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň bar bolan giň mümkinçiliklerden doly peýdalanmagyň zerurdygy barada ylalaşdylar.
Maglumat çeşmesi: orient.tm