Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi

Şu gün — 16-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäresiniň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutany paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bilelikde gatnaşdy. 

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. 

 

Ýurdumyzda ýagşy dessura öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döremegini şertlendirýär. Bu bolsa türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegine oňyn şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynyň ähli ýerinde kemala getirilýän ýaşyl zolaklar ekologiýa howpsuzlygynyň, ilatyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar. 

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda döwlet Baştutanynyň alyp barýan ekologiýa syýasaty netijesinde bagy-bossanlyklaryň eýeleýän ýerleri barha giňeýär. Diýarymyz bereketli baglyklaryň we meýdanlaryň, täzelenişiň hem-de ösüşiň nyşanlary bolan owadan we gür tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.

Maglumat çeşmesi: salamnews.tm