Türkmenistanyň Prezidenti «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynda «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibi goldady

15-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow sanly ulgamy ösdürmek, bank hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek, elektron tölegleriniň görnüşlerini artdyrmak, menzilara bank hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

 

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky tarapyndan teklip edilýän «Menzilara bank» ulgamynyň mümkinçilikleri barada hasabat berdi. Bank hyzmatlarynyň bu görnüşiniň işe girizilmegi nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, töleg-hasaplaşyk amallarynyň dessinliginiň üpjün edilmegine ýardam berer.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny, şunuň bilen birlikde, bank ulgamynda hödürlenýän sanly hyzmatlaryň görnüşleriniň, elektron tölegleriň geriminiň yzygiderli artýandygyny belledi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň fiziki şahslar üçin «Menzilara bank» ulgamyny ulanyşa girizmek boýunça teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Maglumat çeşmesi: salamnews.tm