Tokaýew GDA üçin Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň möhümdigini nygtady
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sankt-Peterburgda GDA-nyň resmi däl sammitinde çykyş edip, Arkalaşygyň çäklerinde ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň täze guralyny işe girizmäge çagyrdy hem-de Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýolunyň ähmiýetini belledi.
“GDA-nyň giňişliginde ulag-logistika taslamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurallary we görnüşleri gerek. Şunda “Demirgazyk-Günorta” halkara geçelgesi aýratyn ähmiýete eýe bolup, onda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demirýoly ulag ugrunyň möhüm düzümi bolup çykyş edýär. Biz Russiýa Federasiýasynyň hem bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine anyk gyzyklanma bildirendigini bilýäris. Elbetde, munuň özi goldanylýar” diýip, Tokaýew aýtdy.
Şeýle hem ol söwda üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, munuň üçin nyrh babatdaky we nyrhlara degişli bolmadyk päsgelçilikleri aýyrmagyň üstünde giňişleýin işlemelidigine kärdeşleriniň ünsüni çekdi. “Azyk howpsuzlygy meselelerinde gatnaşyklary ýola goýmak gerek. Geljek ýyl Astanada geçiriljek GDA ýurtlarynyň ministrler maslahaty bu ulgamda umumy çemeleşmeleri tapmaga bagyşlanar” diýip, Tokaýew belledi.