Sues kanalyndan ýük daşamak üçin goşmaça tölegler alnar
Sues kanalynyň we Gyzyl deňziň üsti bilen ýük gatnawlaryny dowam etdirýän kompaniýalaryň goşmaça tölegleri alýandyklaryny «Novelco» önümçilik departamentiniň müdiri Wiktoriýa Wlasowa pudak webinarynda aýtdy.
Hytaýyň giňden tanalmaýan kompaniýalary, käbir hindi gatnawçylary hem-de «HubShipping» liniýasy bu ugurdan ýüz öwürmedi we dowam etdirýär. Halkara pul gaznasy Gyzyl deňizde ýüze çykan kynçylyklar bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň fewralynda Sues kanalynyň üstünden uzaýan gatnawyň bir ýyl ozalky görkeziji bilen deňeşdirilende 55% azalandygyny belleýär. Şol bir wagtyň özünde hem, Günorta Afrikanyň kenaryndaky Ýagşy Umyt kölüniň üsti bilen deňiz gatnawynyň derejesi takmynan 75% ýokarlandy.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň ahyrynda «CMA CGM», «MSC», «Maersk» hem-de «Hapag-Lloyd» ýaly dünýäniň iň uly ýük daşaýan kompaniýalary howpsuz bolmadyk ugur hökmünde Sues kanalyndan peýdalanmagy bes etdiler. Ýeri gelende ýatlasak, «Port Watch IMF» platformasynyň maglumatlaryna fewral aýynda bu ugurdaky ýük gatnawynyň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýarym esse töweregi azalandygyny tassyklaýar — günde 41 gämi.