Ýewropanyň iň giň suwasty geçelgesi Italiýada peýda bolar
Ýewropanyň iň giň suwasty geçelgesi Italiýanyň Genoa şäherinde peýda bolar. Onuň açylyşy 2029-njy ýylyň ortalarynda meýilleşdirilýär.
Uzynlygy 3,4 kilometre barabar bolan suwasty geçelge port suwlaryndan 45 metr çuňlukda geçer. Netijede kenarýaka şäheriň günbatar we gündogar böleklerini birleşdirer. Täze ulag geçelgesi Italiýadaky iň uzyn suwasty geçelge bolmak bilen birlikde, Ýewropanyň hem iň giň geçelgesine öwrüler. Onda hereketiň her ugry üçin 16 metr ýer bar.
Geçelgäniň kömegi bilen ulag akymlarynyň bölünmegi ýollardan 25 müň inedördül metrden gowrak meýdany boşadar. Şunlukda munuň ýerine ýaşyl meýdançalar we seýilgähler dörediler.