Hytaýda «YangWang U9» awtoulagy satuwa çykaryldy

Hytaýda «YangWang U9» awtoulagy satuwa çykaryldy, ol saza laýyk hereket edip bilýär. Şonuň netijesinde oňa «tans edýän» awtoulag hem diýýärler. Şeýle-de ol ulag bir tekeri ýarylsa, üç tekerde hereketlenip bilýär.

 

Giperkaryň 1,306 at güýji bolup, onuň dört sany elektrik hereketlendirijisi bar. Ulag doly zarýady bilen 465 km ýol geçip, 10 minutda 80 göterime çenli çalt zarýad alyp bilýär.

 

0 — 100 km/s tizligi 2.36 sekunda deňdir. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 309 km-e barabar.

 

Hytaýda onuň bahasy 235,000 dollardan başlaýar.