Dünýäde ilkinji «Emeli aň hakynda Kanun» kabul edildi
Ýewropanyň parlamentarileri «Emeli aň hakynda Kanuny» tassykladylar. Bu barada Ýewropa Parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär. 523 adam bu kanuny goldap ses berdi, 46 adam garşy boldy, 49 adam saklandy.
Kanun bu tehnologiýany ulanmagyň käbir ýagdaýlaryny bikanun etmek we emeli aň ulgamynda çözgütler bilen üpjün edijilerinden aç-açanlygy talap etmek üçin niýetlenendir.
Resminamanyň ýuridiki ýazgysy häzirlikçe gutarnykly tassyklanmaga garaşýar. Kanunyň düzgünleri tapgyrlaýyn güýje girer: ilkinji 6 aýda ÝB-niň ýurtlary gadagan edilen emeli aň ulgamlarynyň işini bes ederler; çat-botlar ýaly «umumy maksatly emeli aň ulgamlary» bilen baglanyşykly düzgünleriň berjaý edilmegini üpjün etmek üçin 12 aý berilýär; şeýle hem «ýokary derejeli töwekgelçilik» saklaýar diýlip kesgitlenen emeli aň ulgamlaryna degişli kanunçylyk düzgünlerini tassyklamak üçin 36 aý gerek bolar.
Hukuk kadalary emeli aň ulgamlarynyň jemgyýet üçin döredýän töwekgelçiliginiň derejesine görä bölünýär – «töwekgelçilik näçe ýokary bolsa, düzgünler şonça-da berkdir».
Kanun sosial reýting platformalary, iş ýerlerinde we bilim edaralarynda duýgy tanamak platformalary, raýatlaryň özüni alyp barşyna täsir etmek ýa-da gowşak goralan ýerlerden peýdalanmak üçin döredilen ulgamlary ulanmagy gadagan edýär. «Ýokary töwekgelçilikli» emeli aň ulgamlary örän möhüm infrastruktura desgalarynda, bilimde we hünär taýýarlygynda, hukuk goraýjy edaralarda, şeýle hem saýlawlar ýaly demokratik işlere täsir edip biljek ulgamlarda ulanylar.
ÝB-niň käbir ýurtlary aşa berk düzgünleriň emeli aň bazarynda sebitiň özüne çekijiliginiň peselmegine getirjekdigi hakynda howatyrlanýandyklaryny beýan etdiler. Germaniýa, Italiýa we Fransiýa umumy maksatly emeli aň babatda çäklendirmeleriň ýeňilleşdirilmegini goldap çykyş etdiler.
Maglumat çeşmesi: orient.tm