«Sinergiýa» uniwersiteti (Dubaý) Aşgabatda Açyk gapylar gününe çagyrýar

«Sinergiýa» uniwersitetiniň (Dubaý) Aşgabatdaky wekilhanasy ähli isleg bildirýänleri Açyk gapylar gününe çagyrýar. Bilim maksatnamalarynyň we bu ýokary okuw mekdebine girmek üçin mümkinçilikleriň tanyşdyrylyşy 19-njy martda sagat 18:30-da Aşgabatdaky «Joşgun» söwda merkezinde geçiriler.

 

Çärä gatnaşyjylara «Sinergiýa» uniwersitetiniň öňdebaryjy hünärmenleri bilen söhbetdeş bolmak üçin ajaýyp mümkinçilik dörediler. Hünärmenler soraglara höwes bilen jogap bererler we «Sinergiýa» uniwersitetiniň ähli bilim maksatnamalary barada jikme-jik maglumat bererler. Bu ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri 17 – 20-nji mart aralygynda geçiriljek Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň halkara sergisiniň çäklerinde Aşgabada gelerler.

 

Russiýanyň öňdebaryjy hususy uniwersiteti bolan «Sinergiýa» eýýäm 25 ýyl bäri isleg bildirilýän hünärler dünýäsiniň gapylaryny açýar. Üns bilen taýýarlanan 500-den gowrak bilim maksatnamalary maksatlaryňyza ýetmek üçin zerur bilimleri we başarnyklary gazanmaga kömek eder.

«Sinergiýa» uniwersiteti dünýäniň dürli künjeklerinden zehinli talyplary özüne çekip, serhetlerini yzygiderli giňeldýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda uniwersitetiň wekilhanasynyň gapylary türkmen bilim jemgyýeti üçin açyldy we eýýäm Türkmenistandan zehinli ýaşlaryň köpüsi Dubaýdaky döwrebap uniwersitet şäherçesinde möhüm hünärleri höwes bilen özleşdirýärler.

 

«Sinergiýa» uniwersitetini (Dubaý) aýratynlyklary:

  • okuw üçin grant almak mümkinçiligi;
  • dünýäniň islendik ýerinden onlaýn giriş;
  • çeýe giriş tertibi – sentýabr aýyna çenli garaşmagyň zerurlygy ýok;
  • iş bilen okuwy birleşdirmek mümkinçiligi;
  • rezident wizasyny almakda goldaw;
  • daşary ýurtda işlemäge gapy açýan iňlis dilinde umumyýewropa mobil programmasy bolan diplom.

Aşgabatdaky wekilhananyň işgärleriniň dalaşgärler üçin mugt maslahat beriş çärelerini geçirýändiklerini hem bellemek gerek.

 

Has giňişleýin maglumatlary şu belgilerden: (+993 71) 46 65 50, (+993 65) 81 54 82, ýa-da ideýa.mm03@gmail.com elektron poçta salgysyndan alyp bilersiňiz

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com.tm