Dünýäniň insentiw syýahatçylygynyň öňdebaryjylary Stambula ýygnanýarlar

Insentiw syýahatçylyk pudagynda öňdebaryjy birleşme bolan Insentiw syýahatçylygy ösdürmek jemgyýeti (SITE) Stambulda 2024-nji ýyldaky Ählumumy maslahaty gurady. Maslahat pikir alyşmak we pudagyň geljegini kesgitlemegiň innowasion ýollaryny gözlemek üçin dünýäniň 500-den gowrak syýahatçylyk pudagynyň wekillerini bir ýere jemledi. Ol emeli aňa aýratyn üns çekmek bilen, syýahatçylygyň geljeginden tehnologiýalar ulgamynyň soňky ösüş meýillerine çenli dürli mowzuklary öz içine aldy. Üç gün dowam eden bu çäre dürli mowzuklaýyn mejlislerden we okuw sapaklaryndan ybarat boldy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de Türkiýäniň syýahatçylygy ilerletmek we ösdürmek agentligi bu çärä goldaw berdiler.

Ählumumy maslahat Insentiw syýahatçylygy ösdürmek jemgyýetiniň (SITE) esasy wakasydyr. Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlary (ABŞ), Beýik Britaniýa, Kanada, Irlandiýa, Fransiýa, Şweýsariýa, Ispaniýa, Meksika, Germaniýa, Daniýa, Şwesiýa, Gresiýa, Argentina, Awstraliýa, Belgiýa, Braziliýa, Kaýman adalary, Hytaý, Horwatiýa, Polşa, Kosta-Rika, Çehiýa, Müsür, Iordaniýa, Hindistan, Italiýa, Gollandiýa, Panama, Portugaliýa, Puerto-Riko, Ruanda, Şotlandiýa, Monako, Marokko, Oman, Singapur, Sloweniýa, Wýetnam, Taýland, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE), Günorta Afrika, Zimbabwe, Efiopiýa, Uganda we Tanzaniýa ýaly dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşyjylary özüne çekýär.

Maslahatyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar Stambul bilen hem tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, syýahatdan öňki we soňky saparlar maslahata gatnaşyjylara Türkiýäniň beýleki insentiw syýahatçylyk ugurlaryna baryp görmäge mümkinçilik döretdi.

SITE – insentiw syýahatçylygyň baş guramasy

1973-nji ýylda esaslandyrylan SITE dolulygyna insentiw syýahatçylyga bagyşlanan ýeke-täk ählumumy işewürlik birleşigidir. Jemgyýetiň 87 ýurtda 2600 agzasy, bütin dünýäde 28 ýerli we sebitleýin şahamçasy bar.

Gurama aragatnaşyk hyzmatdaşlygy boýunça tagallalar, onlaýn çeşmeler, okuw we sertifikatlaşdyrmak arkaly öz agzalaryna halkara hem-de ýerli derejede baha berýär. Insentiw syýahatçylyk – kompaniýalar tarapyndan işgärlerini sylaglamak we täze wezipeleri ýerine ýetirmek üçin höweslendirmek üçin ulanylýan syýahatçylygyň aýratyn bir pudagydyr.

 


Maglumat çeşmesi: orient.tm