TDHÇB-de söwdalar: içerki bazarda nebit ýol bitumy we türkmen halylary ýerlenildi

Şenbe güni, 16-njy martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda nebit ýol bitumy we türkmen halylary ýerlenildi.

Türkmen telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 959 156,58 manada deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda salgyda tanşyp bilersiňiz.

Maglumat çeşmesi: orient.tm