Tokioda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahaty geçiriler
Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 2024-nji ýylyň 27-nji martynda türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Batyr Atdaýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyna görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Wise-premýer Forumyň barşynda maýa goýum, senagat, ulag-logistika, hususy ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem hasabata görä, Ýaponiýada geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony hem-de onda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Tokio şäherinde türkmen-ýapon kiçi we orta telekeçileriniň işewürlik maslahatyny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy.