Ýaponiýanyň awtoulaglary türkmen taksileriniň sanyny artdyrar

Ýaponiýanyň Sumitomo korporasiýasy düzüminde taksileriň 780-si we awtobuslaryň Hiace we Coaster 1330-sy bolan Toyota awtoulaglarynyň 2110-syny Türkmenistana iberýär. 115 million dollarlyk bu geleşik täze awtoulaglaryň Türkmenistana ipmortynyň, takmynan, bir ýyllyk bahasy bilen deňdir.

 

ABŞ-nyň 20 million dollary möçberindäki 860 awtoulag üçin şertnama 2021-nji ýylyň iýul aýynda gol çekildi, şonça möçberden şu ýylyň noýabryna çenli, eýýäm, 469 taksi getirildi. Şonuň yz ýany bilen 2022-nji ýylyň noýabrynda goşmaça şertnama – indi ABŞ-nyň 95 million dollary möçberinde hem-de Toyota awtoulaglarynyň 1250-si üçin şertnama gol çekildi.

 

Agentlik bilen Sumitomonyň arasynda gepleşikler 2018-nji ýylda başlanyldy, şonuň netijesinde, häzirki şertnama baglaşyldy, ol 2021-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda ýurda taksileriň we awtobuslaryň hemme importyny diýen ýaly gurşap alýar.

 

Sumitomo Türkmenistanyň bazarynda import hem-de paýlamak boýunça 2015-nji ýyldan bäri işleýär.