20 ýyldan soňra Apple ID-ni üýtgetmek kararyna geldi

Apple Amerikan korporasiýasy Apple ID hasaba alyş ýazgysynyň adyny üýtgetmegi meýilleşdirýär.

Ol “Apple hasaba alyş ýazgysy” diýlip atlandyrylar.

Täze at eýýäm ulanyşa girizildi.

Meselem, Apple-iň balans görmek üçin niýetlenen Apple ID saýtynda görmek bolýar.

Apple-iň rebrendingi 2024-nji ýylyň ahyrynda iOS 18 we macOS 15 operasion ulgamlaryň çykmagy bilen amala aşyrjakdygyna garaşylýar.

Apple ID Apple-iň AppStore, iCloud we Apple Music ýaly hyzmatlaryna birikmek üçin ulanylýar. Apple ID-iň üsti bilen ekoulgamyň içinde, enjamlaryň arasynda Apple hyzmatlarynyň işi utgaşdyrylýar.

Maglumat çeşmesi: orient.tm