Wýetnam-Gazagystan göni demirýol gatnawy işe girizildi

Wýetnamdan Gazagystana tarap ugur boýunça ilkinji demirýol gatnawy 31-nji dekabrda işe girizildi. Ol Nýaçang şäheriniň demirýol menzilinden Almaty şäherine ugrady, Hytaýyň gündogaryndaky Sianyň gämi menzilinde ol tekerleriniň çalşygyny amala aşyrdy. Soňra otly Hytaý-Ýewropa ekpresi arkaly Gazagystana ugradyldy. Onuň alyp barýan esasy harytlary elektron ulgamyna degişlidir.

 

Hytaýyň Merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatlaryna görä, Wýetnamda öndürilen şeýle önümleriň köp bölegi ozal deňiz arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýetirilýärdi. Ähli işler 50 günden gowrak wagty öz içine alýardy. Göni demirýol gatnawynyň işe girizilmegi Wýetnamdan Merkezi Aziýanyň bazaryna barýan ýoly, takmynan, 25 güne çenli gysgaldyp biler.

 

Wýetnamda bir metrlik teker görnüş ulanylýandygy sebäpli, ony hytaý ülňüsiniň adaty ölçegli tekerine geçirmek köp wagt talap edýär. Emma, hytaý-wýetnam söwdasyny artdyrmak üçin tekerleriň çalşyrylmagy Wýetnamda taslamalaryň biri boup durýar.

 

Wýetnam-Gazagystan göni gatnawyň açyljakdygyny yglan etmek baradaky dabara Astanada 2022-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Wýetnamyň wise-prezidentiniň hem-de Aziýada özara gatnaşyklar we ynanyşmak çäreleri boýunça 6-njy sammite gatnaşan ýokary wezipeli wýetnam wekiliýietiniň Gazagystana bolan iş saparynyň çäklerinde geçirildi.