TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de şeýle hem türkmen halylary uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 18-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem türkmen halylary uly islegden peýdalandy.

Owganystandan telekeçiler suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkiýäniň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen telekeçilerinden nah ýüplügini hem-de aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn aldylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny we garyşyk parafin gaçy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 7 368 432,38 manatlyk we 887 984,22 dollarlyk 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Maglumat çeşmesi: orient.tm