Türkmenistan Söwda-senagat edarasy, Türk döwletleriniň Söwda-senagat edaralary bileleşiginiň agzasy boldy
Türkmenistan Söwda-senagat edarasy, Türk döwletleriniň Söwda-senagat edaralary bileleşiginiň doly agzasy hökmünde kabul edildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, bu karar Türk döwletleriniň Söwda-senagat edarasy bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň mejlisinden soň kabul edildi.
Häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan Türkiýe döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň bileleşiginiň agzalary, Wengriýa we Demirgazyk Kipr ýurtlaryň synçy statusyna eýe.
Bileleşik 2019-njy ýylda döredildi we Türkiýe döwletleriniň arasynda söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täsirli platforma bolup hyzmat edýär.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com