Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

18-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lýuksemburgyň  Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Betteliň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Taraplar syýasy we söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Şeýle-de, halkara we sebit gün-tertibiniň meselelerine seredildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýadyny berkitmegiň wajyplygy nygtaldy.

 

Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝB-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com