Türkmenistan we HHR ulag boýunça ylalaşyk taýýarlaýar
Pekinde geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda Türkmenistanyň hem-de HHR-niň hökümetleriniň arasynda halkara awtomobil ulagy baradaky şertnamanyň taslamasynyň ylalaşylmagyny tizleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
“Infrastruktura taýdan özara baglanyşyklylyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köp taraply strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ösüşiň täze nokady bolup durýar” diýlip, Beýannamada aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýollary we serhetüsti geçýän ulaglary birleşdirmek babatda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň, Hytaý-Gyrgyzystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça gatnawlaryň sanyny we demir ýol konteýner daşamalaryň möçberini hem-de Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan ugrunda multimodal gatnawlaryň sanyny artdyrmagyň zerurdygy görkezildi.
Şonuň bilen birlikde, MASYH-niň, DÝGH-niň we beýleki köp taraply gurallaryň çäklerinde özara hereket etmegiň möhümdigi bellenildi. Mundan başga-da, Hytaý ulag düzümleriniň gurulmagyny çaltlandyrmakda hem-de häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.