Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

19-njy martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

 

Diplomatlar duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary, şeýle-de şu ýylda Hökümetara Türkmen-ermen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň indiki ýygnagyny geçirmek barada pikir alyşdylar.

 

Söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläkde ösdürmekde ýangyç-energiýa pudagyna aýratyn üns berdiler.

 

Taraplar iki ýurduň täjirçilik gurluşlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we işewür toparlaryň özara saparlaryny guramak barada çykyş etdiler.

 

Medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, esasanam, ermeni tarapynyň Türkmenistanda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara çärelerine gatnaşmagy möhüm ugur hökmünde görkezildi. Şol bir wagtyň özünde bilimde, ylymda we medeniýetde netijeli aragatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berildi.