Gazagystanda awtoulagly daşamalara rugsatnama almagyň täze düzgünleri işlenilip taýýarlanyldy

Gazagystanda awtoulagly halkara daşamalara rugsatnama almagyň täze düzgünleri işlenilip taýýarlanyldy, diýip Zakon.kz. internet-neşiri habar berýär.

Üýtgetmeler ýurduň Ulag ministrligi tarapyndan taýýarlanyldy. Bu üýtgetmeler aşakda görkezilen awtoulag serişdelerine eýeçilik hukugy bolan ýada beýleki kanuny esaslarda eýeçilik edýän ýerli we daşary ýurtly daşaýjylara degişlidir:

awtobuslar, mikroawtobuslar;

awtoulag serişdeleri (tirkegi bilen bilelikde rugsat berilýän umumy agramy 6 tonnadan ýokary, ýa-da tirkegi bilen bilelikde rugsat berilýän peýdaly agramy 3,5 tonnadan artyk);

ýöriteleşdirilen awtoulaglar (ýükleriň belli bir görnüşlerini daşamak üçin niýetlenen);

ýörite awtoulaglar (dürli işleri, köplenç daşamak bilen baglanyşykly bolmadyk işleri ýerine ýetirmek üçin niýetlenen).

Awtoulag serişdeleriniň Gazagystanyň çäginden geçmegine rugsat bermek ulgamy kanun tarapyndan, şeýle hem respublika bilen daşary ýurtlaryň arasynda halkara awtoulag gatnawy baradaky halkara şertnamalara laýyklykda kesgitlenilýär.

Maglumat çeşmesi: orient.tm