Sişenbe güni, birža söwdalaşyklarynda daşarky bazarda nebithimiýa önümleri ýokary islege eýe boldy

Sişenbe güni, 19-njy martda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Malta Döwletiniň, Päkistan Yslam Respublikasynyň,

Türkiýe Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa"

Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamid we az kükürtli ýakyş mazudyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 38 237 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Maglumat çeşmesi: exchange.gov.tm