Rus diplomaty Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryny guramakda berlen ýardam üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi

«TASS» tarapyndan berlen habarda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkiniň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna Russiýada geçirilen prezident saýlawlaryny guramakda berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirendigini habar berdi.

 

«Ilki bilen, hemmäňizi şu günki Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň saýlawlarynyň güni bilen gutlamak isleýärin. Bize bu saýlawlary guramaga kömek eden ýerli häkimiýetlere, hususan-da, saýlaw geçirmek üçin ýörite ýeriň üpjün edilendigi we saýlawyň kadaly hem durnukly geçmegine berlen goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygymyzy bildirýäris» - diýip, ilçi belledi.

 

Türkmenistanda bäş saýlaw nokady hereket etdi: Aşgabat, Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Türkmenbaşy şäherlerinde. Ilçihana şeýle hem saýlaw nokadyna ses bermek üçin özbaşdak gelip bilmeýän, hereketi çäkli raýatlaryň arzalaryny kabul etdi. Ýörite saýlaw toparlary ses bermek üçin ýörite gutular hem-de býulletenler bilen olaryň ýanyna ugradyldy we adamlara ýaşaýan ýerinde ses bermäge mümkinçilik döredildi.

 

Russiýanyň Türkmenistanda ýerli wagt bilen 20:00-da jemlenen prezident saýlawlaryna (Moskwa wagty bilen 18:00) jemi 2750 adam gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Ilçihana Russiýa Federasiýasynyň ähli raýatlaryna ses berlişige gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we ähli saýlaw nokatlarynda mähirli hem dostlukly gatnaşyklaryň bolandygyny belläp geçdi. Diplomatik gulluk şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýetini we özara düşünişmegiň çuň derejesini ýene bir gezek tassyklaýan saýlawlary guramakda beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.