«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryň sanyny artdyrýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hyzmatlaryny has-da kämilleşdirýär. Kompaniýa 2024-nji ýylyň ýaz-tomus meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Maglumat «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentiniň web sahypasynda mälim edildi.

 

Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 31-nji martyndan 26-njy oktýabryna çenli Türkmenistanyň we Russiýanyň paýtagtlarynyň arasyndaky uçuşlar her hepde 6 gezek amala aşyrylar. Ozal şeýle uçuşlar bäş gezek guralýardy.

 

Uçarlar duşenbe güni 15:20-de, sişenbe güni 03:05-de, çarşenbe güni 23:05-de, penşenbe güni 19:40-da, anna güni 3:05-de, şenbe güni 00:05-de paýtagtymyzdan Moskwa şäherine tarap ýola düşer.

 

Moskwadan Aşgabat şäherine gaýdyp gelýän uçuşlar şol günler amala aşyrylar. Olar duşenbe güni 13:10-da, sişenbe güni 05:25-de, çarşenbe güni 01:25-de, penşenbe güni 17:40-da, anna güni 05:25-de, şenbe güni bolsa 02:25-de paýtagtymyza tarap ugur alar.

 

Munuň özi Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky howa gatnawyna barha artýan islegi kanagatlandyrmak we iki ýurduň ýolagçylary üçin syýahat elýeterliligini ýokarlandyrmak boýunça öňde goýlan ähmiýetli maksatlardan ugur alýar. Şunlukda, ýolagçylar eýýäm syýahatlaryny «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan hödürlenýän täze uçuş maksatnamasy esasynda meýilleşdirip bilerler.