Türkmenistanda gowaça ekişine girişildi
Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji martda geçirilen mejlisinde bellän möhletlerine laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 20-nji martda gowaça ekişine başladylar. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bolsa bu möwsüme 27-nji martda girişerler.
Asylly däbe görä, gowaça ekişine il sylagly ýaşulular ak pata berdiler. Beýik Biribardan Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy, döwlet Baştutanymyzyň döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagy dileg edilip, meýdanlara ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra mehanizatorlar işe girişdiler.
Pagtaçylyk daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän esasy pudaklaryň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýadyň döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy ylmy çözgütleriň we innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň höweslendirilmegi bu pudagy ösdürmegiň esasy wezipeleri hökmünde kesgitlenildi.
Obasenagat toplumynda ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy, maldarçylygy ösdürmek, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça çäreler görülýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip gurmagyň hasabyna «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekdi.
Bu pudakda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen, obasenagat toplumynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, pudagy inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy barlaglaryň ösdürilmegine köp mukdarda maliýe serişdeleri goýberilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat döwrebaplaşdyrylyp, sebitlerde häzirki zaman pagta arassalaýjy kärhanalary guruldy.
Oba hojalyk pudagyny sanlylaşdyrmak, ýerleri işläp taýýarlamagyň täzeçil usullaryny, öňdebaryjy agrotehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, beýleki önüm öndürijileriň girdejilerini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek işlerine oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususy önüm öndürijiler hem işjeň gatnaşýarlar.
Ekiş möwsümine çenli pagtanyň saýlama tohumlary saýlanyp alyndy. Orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýetişdirilýär. Şolaryň hatarynda «Ýolöten — 7», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149-F» ýaly, tiz ýetişýän, ýokary hasylly, arassa süýümli görnüşlerine aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşi, toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler.
Şu gezekki ekiş möwsüminde dürli kysymly traktorlar, şol sanda oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy «John Deere» kompaniýasyndan satyn alnan we telematik sanly elektron ulgam bilen enjamlaşdyrylan traktorlar, ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyny üpjün edýän, soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen ekiji gurallar hem-de gowaça kultiwatorlary peýdalanylar. Ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatyny ýola goýmak, mehanizatorlaryň we beýleki ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin zerur şertler döredildi. Şol bir wagtyň özünde, etraplaryň we daýhan birleşikleriniň çäklerinde hereket edýän biobarlaghanalar täze ekiş möwsümine taýýarlanyldy. Olar pagtaçylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, ekologik taýdan arassa we ykdysady taýdan bähbitli bioönümler bilen üpjün ederler.
Möwsümiň öňüsyrasynda welaýatlaryň degişli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň okgunly ösüşini, ýokary düşewüntliligini, oba hojalyk önümleriniň möçberiniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmek meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi. Hususan-da, gowaça ekişini öz wagtynda we guramaçylykly geçirmek, onuň ähli tapgyrlarynda agrotehniki kadalary berk berjaý etmek, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekinlere zyýan berijileriň hem-de haşal otlaryň öňüni almak barada pikir alşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegine goldawy, ýurdumyzyň zähmetkeşleriniň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmaga berýän uly ünsi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, obasenagat toplumyndaky özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny, bilimlerini hem-de tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Ekiş möwsüminiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde dürli oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän kärhanalarda öndürilen önümleriň sergisi guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary pagtaçy kärendeçilere ruhy lezzet paýlady.