TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlara nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi

Çarşenbe güni, 20-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem elde dokalan türkmen halylary ýerlenildi.

Owganystanyň we Birleşen Arap Emirliklerinden telekeçiler «SN-600» we «SN-350» kysymly binýatlyk ýagyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen işewürleri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan kökli çaý içgisini satyn aldylar.

Şeýle hem ol türkmen el halylaryny satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 546 301,30 manada we 6 952 000 dollara deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Maglumat çeşmesi: orient.tm