Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin halkynyň adyndan, Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň we öz hut adyndan, Nowruz baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna iň gowy gutlaglaryny aýtdy. Şeýle hem Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidentine Hytaýyň Täze ýyly mynasybetli iberen gutlag haty üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

«Geçen ýyl biz Hytaýda açyk, dostlukly we baý many-mazmunly duşuşyklary geçirdik, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, Hytaýyň hem Türkmenistanyň ikitaraplaýyn derejede «Bitewi ykbal bileleşigi» konsepsiýasyny durmuşa geçirýändigini bilelikde yglan etdik. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Men özara dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen iş gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ulgamlar boýunça ilerletmäge, hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrmaga, iki ýurduň halklarynyň rowaçlygy üçin Hytaýyň we Türkmenistanyň bitewi ykbal bileleşigini bilelikde gurmaga taýýardyryn» diýip, gutlag hatynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin belleýär.

Nowruz baýramy mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady we üstünlik arzuw etdi.

«Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna tebigatyň täzelenişiniň, topragyň janlanmagynyň nyşany hökmünde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn. Nowruz gadymy baýram bolup, bereketli günleriň ýetip gelendigini buşlaýar. Umumy medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan baý many-mazmunly bu baýramda dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn.

2024-nji ýylyň biziň üçin täze mümkinçiliklere we üstünliklere beslenjekdigine umyt edýärin. Umumy maksatlarymyza ýetmek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy yzygiderli pugtalandyrmaga hem-de mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygymyzy beýan etmek bilen, Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin» - diýip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gutlag hatynda belleýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden gutlag iberdi.

Ol gutlag hatynda:

— Ýurtlarymyzyň we tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de täze mümkinçilikleri döretmek boýunça Siziň bilen bilelikdäki tagallalara umyt edýärin — diýip belleýär.

Şeýle-de Katar Döwletiniň emiri Tamim bin Hamad Al Tani, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Çiang, Katar Döwletiniň emiriniň orunbasary Abdullah bin Hamad Al Tani, Katar Döwletiniň Ministrler Kabinetiniň başlygy, Daşary işler ministri Muhammet bin Abdulrahman Al Tani, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin gutlady.

Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary gutlaglarynda döwlet Baştutanyna saglyk we uly bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.