Hytaýda wodorod ýangyjy bilen işleýän ilkinji otlynyň synaglary tamamlandy
Hytaýda wodorod bilen işleýän ilkinji şäherara otly üstünlikli synag edildi. Bu barada «China daily» neşiri habar berýär.
Otly Hytaýyň «CRRC Changchun Railway Vehicles Co Ltd.» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Synag sürüşi kompaniýanyň Hytaýyň demirgazyk-gündogaryndaky Szilin welaýatynyň Çançun şäherinde ýerleşýän synag meýdançasynda geçirildi.
Ulag serişdesi wodorod ýangyjy esasynda işleýän ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Otlynyň bir kilometr üçin sarp edýän ortaça energiýasy sagatda 5 kWt, geçýän iň uzak aralygy bolsa 1000 kilometrden gowrakdyr. Ol birnäçe energiýa saklaýjy enjamly gibrid elektrik üpjünçiligi ulgamyny ulanýar we -25-den 35°C aralygyndaky temperaturada işlemäge ukyplydyr.
Otly sagatda 160 km tizlige ýetmegi başardy. Çeşmäniň berýän habaryna görä, synaglar doly ýükli we mümkin bolan dürli ýagdaýlar göz öňünde tutulyp geçirildi.
Maglumat çeşmesi: orient.tm