Türkmenistanyň gümrükhanasy HÝD kitapçasy bolanlara “Ýaşyl geçelgeleri” kesgitledi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň serhetýaka gümrük nokatlarynda HÝD kitapçasyny – araçäkden geçmegi ýeňilleşdirýän we tizleşdirýän ulag resminamasyny ulanýanlar üçin “Ýaşyl geçelgeleri” kesgitledi.

 

HÝD kitapçasy bilen (Halkara ýol daşamalary) “Ýaşyl geçelgeden” geçýän awtoulaglar indi nobatsyz gümrük resmileşdirmesinden geçýärler.

 

Ýük daşaýjylar üçin “Ýaşyl geçelgeleriň” ulanylmagy TIR-EDP halkara ýol daşamalary ulgamynyň 2022-nji ýylda Türkmenistanda hereket edýän ASYCUDA World ulgamyna goşulyşmagy bilen mümkin boldy.