Bilermeniň pikiri: Nawigasiýa möhürleriniň ulanylmagy ýük daşaýjylaryň çykdajylaryny 20% ýokarlandyrar

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde nawigasiýa möhürlerini ulanmak üçin nyrhlar häzire çenli diňe Belarusda tassyklandy. Bileleşige agza bolup durýan beýleki döwletlerde bolsa bu iş heniz ylalaşmak tapgyrynda barýar. Bu barada «IRU-nyň» Ýewraziýadaky hemişelik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wadim Zaharenko «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi.

 

– Biziň çaklamalarymyz uzak aralyga ýük daşalanda daşaýjylaryň maliýe çykdajylarynyň ýük bahasynyň 20 %-ine ýetip biljekdigini tassyklaýar — diýip, bilermen nygtady.

 

2023-nji ýylda Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň wekilleri ýük daşamagyň elektron nawigasiýa möhüri bilen amala aşyryljak umumy düzgünlerini kabul etdiler.

 

Bilermen birinji tapgyrda diňe käbir haryt toparlaryna möhür basjakdygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda alkogolly we temmäki, saklanma yglan edilen we ýokary girdejili harytlaryň (egin-eşik, aýakgap we enjamlar) bardygyny Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň gümrük hyzmatdaşlygy ministri Eldar Alişerow aýdypdy.

 

Nawigasiýa möhürlerini durmuşa geçirmegiň ikinji tapgyrynda olar Ýewraziýa ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň üstünden ýol bilen daşalýan harytlaryň köpüsine, üçünji tapgyrda bolsa demir ýol arkaly iberilýän harytlara goýlar.