Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde guruljak "Saglyk" seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän "Saglyk" seýilgähiniň taslamasy bilen tanyşdy.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde gurulýan seýilgähleriň, köpugurly stadionyň we ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, olar bilen bagly maslahatlaryny berdi we taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň ýol-ulag infrastrukturasynyň aýratynlyklary, köçelerde gurulmagy meýilleşdirilýän yşyklandyryş ulgamy baradaky hasabatlary diňledi.

 

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

 

Iş maslahatynda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäginde desgalary gurmak we täze şähere ýaşaýjylary göçürip getirip, ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy ähli desgalarda we ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, şeýle hem bu ugurdaky işleri gowulandyrmak bilen bagly görkezmeleri berdi.