Hytaýyň we Türkmenistanyň ulag taslamalarynyň bilelikde amala aşyrylmagy täze mümkinçilikleri açýar

Türkmenistanyň we HHR-niň hökümetleriniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa bolan döwlet saparynyň möhüm netijesi bolup durýar. Bu barada Hytaýyň DIM-niň resmi wekili Wenbin 10-njy ýanwarda metbugat maslahatynda aýtdy.

 

Täze resminama HHR-niň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň we Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjynyň arasynda uly arabaglanyşygy gazanmaga, ykdysadyýet we söwda ýaly ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berer.

 

Munuň özi Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda “Guşagyň we ýoluň” çäklerinde özara hereket etmegi üçin düýbünden täze mümkinçilikleri açýar diýip, Wenbin žurnalistleriň biriniň sowalyna beren jogabynda aýtdy.

 

Geçen ýylyň dowamynda bu taslamanyň çäklerindäki hyzmtdaşlyk durnukly ösüş gazanmaga mümkinçilik berip, dünýä ykdysadyýetiniň täzeden dikeldilmegine täze itergi berdi. Hytaý-Ýewropa demirýol ekspresi 16 müň gatnawlary amala aşyryp, ýylyň dowamynda 1,6 million TEU ýükleri daşady, bu bolsa geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende 9% we 10% köpdür. “Gury ýer-deňiz” günbatar geçelgesiniň täze ugry boýunça 756 000 TEU ýükler daşaldy, bu bolsa 18,5% köpdür. Şeýle sanlary HHR-niň DIM-niň resmi wekili getirdi.