«Chat GPT-5» eýýäm şu tomusda satuwa çykar
«OpenAI» emeli aň modeliniň indiki nesli bolan «GPT-5» satuwa çykarmagylmagynyň bosagasynda. «Business Insider» tarapyndan berilýän habara görä,onuň satuwynyň tomusda başlanmagy meýilleşdirilýär, ýöne bu ýagdaý üýtgäp hem biler.
Çeşmä görä, täze model geçen ýyl girizilen «GPT-4» bilen deňeşdirilende, ep-esli kämil nusgada hödürlener. »OpenAI» taslamasynyň baş direktory Sam Altman Leks Fridman bilen geçirilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň «şu ýyl döwrebap täze modeli çykarmagy» meýilleşdirýändigini tassyklapdy.
«Business Insider»-yň maglumatlaryna görä, «OpenAI» mümkinçiliklerine ýokary baha beren käbir kärhana müşderilerini «GPT-5» tehnologiýasy bilen tanyşdyrypdy. Baş direktorlaryň biri bu modeli «hakykatdan hem ajaýyp «GPT-4»-den ep-esli ýokary» diýip atlandyrdy. Şeýle hem, tanyşdyrylyşda «GPT-5»-iň dürli ulanylyş ýagdaýlaryna uýgunlaşmak ukyby görkezildi.
Häzirki wagtda «GPT-5» barlagdan geçirilýär. Goýberilmezden ozal bu model ýüze çykyp biljek meseleleri ýüze çykarmak we çözmek üçin düýpli audit hökmünde giňişleýin howpsuzlyk synaglaryndan geçer.
«GPT-5» tehnologiýasynyň çykmagy bilen, onuň «OpenAI» kärhananyň satuwlarynyň esasy girdeji çeşmesine öwrülmegine garaşylýar.