Çaganyň sözleýiş ukybyny ösdürmegiň täsirli usuly

3-5 ýaşly çaganyň sözleýişini ösdürmek üçin onuň bilen geçen günüň wakalaryny ara alyp maslahatlaşmak has täsirli bolar. Mysal üçin, oýun meýdançasyndaky oýunlar ýa-da iň ýakyn seýilgähe gezelenç barada gürleşmekdir. Bu usul çagasy bilen kitap okamaga wagty bolmaýan ene-atalar üçin has amatlydyr.

 

Bu netijäni Daniýanyň alymlary bilen ABŞ-nyň hünärmenleri bilelikde kabul etdiler.

 

Alymlar çagalaryň hossarlary bilen gürrüňdeşligini dürli ýagdaýlar esasynda, suratly kitap okaýarkalar, LEGO oýnaýarkalar we düýnki wakalary maslahatlaşýakarlar ýazga geçirdiler. Synagdan soň alymlar çaganyň sözlük goruny kesgitlemek üçin barlag guradylar.

 

Geçmişdäki wakalar barada söhbetdeşlik wagtynda ene-atalaryň aýdýan sözleri grammatiki oýunlara we okaýyşlara garanyňda has çylşyrymly bolup, munuň netijesinde çaga has köp dürli hem-de çylşyrymly grammatiki sözlemleri özleşdirýär.

 

Sözlük düzümini ösdürmek nukdaýnazaryndan wakalar hakda gürleşmegiň okamak ýaly täsirlidigi anyklandy. Iki ýagdaýda-da, ene-atalar köplenç «Näme?», «Kim?», «Nirede?» diýen soraglary berip, çagany näme bolandygyny ýada salmaga iterýän «näme üçin?» we pikirlenmäni ösdürýän «nädip?» diýen sowallar bilen ýüzlendiler.

 

Gözlegleri geçiren taraplaryň pikiriçe, wakalary göni ara alyp maslahatlaşmak, okamakdan ýa-da oýun oýnamakdan has tebigy we köptaraply täsire eýe bolýar. Bu bolsa kiçi ýaşdaky ösüş netijeliligini ýokarlandyrýar.