Türkmenistanyň Bilim ministrligi birinji synp okuwçylaryna sowgat hökmünde 155,6 müňden gowrak noutbuk satyn alar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan täze 2024/25-nji okuw ýylynda birinji synp okuwçylaryna sowgat hökmünde beriljek noutbuklary satyn almak barada karara gol çekdi.

 

Türkmen hökümetiniň 23-nji mart, şenbe güni geçirilen mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, birinji synp okuwçylaryna 155 641 noutbuk bermek meýilleşdirilýär.

 

"Bilimli" modeliniň içerki kompýuterleriniň nusgalary degişli ministrlikler tarapyndan eýýäm seljerildi, hil ülňüleri we tehniki aýratynlyklarynyň talap edilýän standartlaryna laýyklyk şahadatnamalary alyndy.

Maglumat çeşmesi: orient.tm