TDHÇB-de söwdalar: guradylan buýan köki we kök baldaklary, şeýle hem nah ýüplügi ýerlenildi
Şenbe güni, 23-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda guradylan buýan köki we kök baldaklary, şeýle hem nah ýüplügi ýerlenildi.
Daşarky bazarda Germaniýadan telekeçiler arassalanmadyk, owradylan, guradylan buýan köküni we kök baldaklaryny satyn almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmen işewürleri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 9 764 352 manada we 24 800 dollara deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz .
Maglumat çeşmesi: orient.tm