«Toyota Corolla» soňky 20 ýylda ilkinji gezek dünýäde iň köp satylan awtolulag derejesini elden giderdi

20 ýyldan soň — 2023-nji ýylda ahyrsoňy iň köp satylan awtoulaglaryň reýtinginde täze lider peýda boldy. «Tesla Model Y» elektrik krossoweri iki onýyllygyň dowamynda şu ugurdaky reýtingiň başynda ýerleşen «Toyota Corolla» awtoulagyndan öňe geçdi.

 

Täzelenen «Fokus2move» reýtingi her aýda şu ugurdaky netijeleriň seljerilip, bellige alynýan 162 ýurdundan alnan maglumatlara esaslanýar. «Focus2move» bu reýtingi taýýarlamakda her ýurtdan ýerli häkimiýetiň iň soňky beren hasaba alyş maglumatlaryna daýanýar.

 

Garaz, «Toyota Corolla» elektrik awtoulaglarynyň üstünligi sebäpli, öňdebaryjylygyny ýitirdi. Bazaryň täze lideri bolsa 1,15 million nusgasy (+50,8%) satylyp, reýtingde üç basgançak ýokary galan «Tesla Model Y» boldy. 1,13 million nusgasy satylan (-1,1%) «Toyota Corolla» reýtingiň ikinji basgançagynda ýerleşdi.

 

Üçünji orny «Toyota» kompaniýasynyň krossowerleriniň ýene biri eýeledi. Satylan nusgasy 934 910 bolan «Toyota RAV4» (+5,9%) bir basgançak aşak düşdi. Dördünji orny bolsa 2023-nji ýylda 901 569 nusgasy (+13,4%) ýerlenen reýtingiň iň gowy pikaby «Ford F-Series» eýelemegi başardy. Şondan soňky orunlarda ýerlenen nusgasy 718 422-ä barabar bolan «Honda CR-V» (+18,0%), 640995 sanysy satylan «Chevrolet Silverado» (+6,6 %) hem-de 631 580 nusgasy satylyp, iki basgançagy ýitiren «Toyota Camry» (-6,3%)  barýar.

 

28 036 nusgasynyň satylandygy äşgär edilen «Hyundai Tucson» sekizinji orny eýelemek bilen, reýtingiň satylan sany 572 483-e deň bolan «Toyota Hilux» (-7,6%), 520 578-si satylan «Ram» (-4,6%) pikaplaryndan öňe geçdi.