Geçen hepde söwda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy.

 

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Pakistandan hemde Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary satyldy.

 

Geleşikleriň jemi bahasy 46 million 102 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 19 million 681 müň 300 manatlykdan gowrak bolan nebit bitumyny, parafin gaçyny, polipropileni, türkmen el halylaryny we nah ýüplügini satyn aldylar.