Russiýanyň Federal gümrük gullugy serhetdäki ýük awtoulaglarynyň barlag wagtyny 10 minuda çenli azaltjak meýilnamany tassyklady

Russiýanyň Federal gümrük gullugy serhetdäki ýük awtoulaglarynyň barlag wagtyny 10 minuta çenli azaltmak boýunça taýýarlanan meýilnamany tassyklady. «TASS» tarapyndan berlen habarda muny Federal gümrük gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ruslan Dawydowyň geňeşiň giňeldilen mejlisinde yglan edendigi aýdylýar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň degişli görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen taýýarlanan Meýilnama 2024-nji ýylda durmuşa geçirilmelidir.

 

«Russiýanyň Federal gümrük gullugy gümrük edaralarynyň awtoulag gözegçilik nokatlarynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmak üçin sarp edýän wagtyny azaltmak üçin görülmeli çäreleriň toplumynyň giňişleýin meýilnamasyny düzdi we tassyklady. Ol guramaçylyk, kadalaşdyryjy we maglumat tehnologiýasy boýunça  2024-nji ýylda durmuşa geçiriljek çäreleriň giň toplumyny öz içine alýar» — diýip, Ruslan Dawydow belledi.

 

Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysynyň sözlerinden görnüşi ýaly, meýilnamada göz öňünde tutulan esasy ädim serhet gözegçiligi boýunça nokatlarda ýörite gözegçilik we barlag toplumlarynyň girizilmegi bolup, ol bu işi ýük awtoulagyny saklaman amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.